Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige sport guramalaryndan, bilim edaralaryndan we jemgyýetçilik birleşmelerinden jemi 12 topar gatnaşyp, olar 100-den gowrak küştçini özünde jemledi. Ýaryş 11 tapgyrda geçirildi we olaryň her birinde oýunlar 6 tagtada alnyp baryldy. Bäsleşigiň dowamynda 12–14 ýaşly oýunçylardan ybarat «NESIL» toparynyň ýetginjekleri tejribeli ussatlara garşy görkezen erjellikleri bilen aýratyn tapawutlandy. Çempionatyň iň dartgynly pursatlarynyň biri doganlar Maksat we Saparmyrat Atabaýewleriň («AŞGABAT» we «GALKAN» toparlary) arasyndaky bäş sagatlap dowam eden bäsleşik boldy. Bu duşuşygyň deňme-deň gutarmagy «AŞGABAT» toparyna umumy hasapda öňe saýlanmaga ýardam etdi. Ýaryşyň netijeleri boýunça birinji orny ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň «AŞGABAT» topary eýeledi. Ikinji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «GALKAN» sport kluby, üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «TALYP SPORT» topary mynasyp boldy. Ýeňijilere göçme kuboklar, medallar we şahadatnamalar gowşuryldy. Şeýle-de, aýratyn gowy netijeleri görkezen küştçüler sylaglandy.