Dünýäniň ikinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçirilen «Masters» ýaryşynyň finalynda çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 9,4 million dollardan geçýär. Duşuşyk 6:4, 6:4 hasabynda italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Sinner ýaryşda ikinji belgi bilen, Legeçka bolsa 21-nji belgi bilen ýerleşdirilipdi. Tennisçiler kortda 1 sagat 33 minut sarp etdi. Sinner möwsümdäki ikinji, karýerasyndaky bolsa 26-njy kubogyny gazandy. Onuň hasabynda «Australian Open» ýaryşynda iki ýeňiş, «Wimbledon» we «US Open» ýaryşlarynda bolsa bir ýeňiş bar. Zenanlaryň arasynda Maýamide geçirilen WTA 1000 ýaryşynda belarusly Arina Sobolenko ýeňiji boldy. Ol finalda amerikaly Koko Gauffdan 6:2, 4:6, 6:3 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, 27 ýaşly Sobolenko Maýamidäki titulyny üstünlikli gorap, Eşli Bartiniň döwründen (2019 we 2021-nji ýyllar) bäri bu ýaryşda bassyr iki gezek ýeňiji bolan ilkinji zenan tennisçi boldy. Bu ýeňiş Sobolenko üçin WTA-nyň ýekelikdäki ýaryşlarynda 24-nji tituly boldy. «Uly tuwulga» ýaryşlarynda belarusly tennisçi dört gezek ýeňiş gazandy: iki gezek «Australian Open» (2023, 2024) we iki gezek «US Open» (2024, 2025). Ol 2024-nji ýylyň oktýabrynden bäri WTA reýtinginde birinji orny eýeleýär. Maýamidäki ýaryş abraýly WTA 1000 kategoriýasyna degişli bolup, gaty kortda geçirilýär. Şu ýyl baýrak gaznasy 9,4 million dollardan gowrak boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir