«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana çyzygyny birinji bolup kesdi. Baýrakly orunlaryň üçlügini «Ferrari-den» Şarl Lekler jemledi. «Mercedes-de» çykyş edýän Jorj Rassel dördünji orny eýeledi. «McLaren-den» häzirki dünýä çempiony Lando Norris bolsa «Ferrari-den» Lýuis Hemiltony yzda galdyryp, bäşinji boldy. Antonelli yzygider ikinji ýeňşini gazanyp, umumy hasapda topardaşy Rasselden 9 utuk öňe geçdi. Ýeňşiniň netijesinde Antonelli 19 ýyl 216 gün ýaşynda çempionatyň taryhyndaky iň ýaş lider boldy. Mundan öňki rekord 2007-nji ýylda «McLaren-iň» düzüminde 22 ýyl 126 gün ýaşynda sanawyň başyny çeken Hemiltona degişlidi. Şeýle hem Antonelli 1953-nji ýylda Alberto Askari tarapyndan goýlan rekorddan bäri «Formula-1-de» bassyr iki ýaryşda ýeňiji bolan ilkinji italiýaly boldy. Antonelli «Mercedes-iň» esasy ýaryşa gatnaşyjysy hökmünde ilkinji gezek 2025-nji ýylda çykyş etdi. «Formula-1-de» 2026-njy ýyl möwsümi 6-njy martda başlandy. Çempionat 22 ýaryşdan ybarat bolar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabiniň Gran-prisi bilen tamamlanar. Mundan ozal Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar sebäpli Bahreýndäki we Saud Arabystanyndaky aprel tapgyrlary ýatyrylypdy. Indiki tapgyr 1-3-nji maý aralygynda Maýamide geçiriler. Sürüjileriň şahsy hasabynda Antonelli (72 utuk) liderlik edýär, onuň yzyndan topardaşy Rassel (63) gelýär, üçlügi bolsa «Ferrari-den» Şarl Lekler (49) jemleýär. Konstruktorlaryň kubogynda 135 utuk bilen «Mercedes» öňde barýar. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, «Ferrari» (90) we «McLaren» (46) eýeleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir