29-njy martda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle hem möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boldy diýip, TDH habar berýär. Saýlaw uçastoklary sagat 7:00-da açyldy we 19:00-a çenli işledi. Tutuş ýurt boýunça bir wagtyň özünde jemi 578 sany saýlaw uçastogy hereket etdi. Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň bolsa 102-nji «Jemgyýet», 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça ses bermäge gelen saýlawçylaryň 140 211-isi hasaba alyndy. Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 357 666, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 52 296, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 43 693 hem-de Geňeşleriň agzalygyna 109 027 saýlawçy hasaba alyndy. Ses bermek pursadyna ähli uçastoklarda milli synçylar gözegçilik etdi. Saýlawlaryň kanunçylyga we halkara kadalaryna laýyklykda geçirilendigi bellenilýär. Şu gezekki saýlawlaryň aýratynlygy, merkezi saýlaw toparynyň saýtynda saýlawlaryň geçişine onlaýn syn etmek mümkinçiliginiň guralmagy boldy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýuna merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermegiň netijeleri boýunça saýlawçylaryň gatnaşygy şeýle boldy: täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,14%, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 92,26%, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,47%, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,06% hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,20%. Merkezi saýlaw topary saýlawlary geçirilen diýip ykrar etdi. Uçastoklar ýapylandan soň sesleri sanamak işi başlandy, netijeler ýakyn wagtda türkmen metbugatynda çap ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir