28-nji martda Aşgabadyň «Adalat» köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdy. Esasy üns kazyýet ulgamyny ösdürmek, kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek we kazyýetleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipelerine gönükdirildi. Gatnaşyjylar kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljerdi. Kazyýet işiniň ýörelgelerini kämilleşdirmek, adyl kazyýetiň ygtybarly açyk we aýdyňlyk derejesini üpjün etmek, şeýle hem kazyýet çözgütlerini milli kanunçylyga we halkara kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Kazyýetleriň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, 2025-nji ýylda kabul edilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany bilen bagly usuly gollanmalary taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy. Kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga we ýörite okuwlary geçirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle-de, maslahatyň dowamynda «Iň göreldeli kazyýet» bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi we kazyýetleriň hem-de kazylaryň arasynda täze bäsleşikleri geçirmek meselelerine garaldy. Maslahatyň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir