Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri habar berýär. PlayersTime seljermelerine we Forbes Real-Time maglumatlaryna görä, Nýu-Ýorkda 69 sany milliarder doglupdyr. Bu görkeziji ABŞ-nyň ondan soňky gelýän iň uly bäş şäheriniň bilelikdäki sanyndan hem köpdür. Şäherde doglan iň baý kişi — baýlygy takmynan 200 milliard dollar bolan Oracle kompaniýasynyň geňeşiniň başlygy Larri Ellison boldy. Sanawdaky beýleki öňdebaryjy şäherler: Gonkong: 57 milliarder; Singapur: 30 milliarder; Mumbaý: 28 milliarder. Bu şäherlerden bolan milliarderleriň esasy bölegi öz maýalaryny ABŞ-nyň, Hytaýyň we Hindistanyň bazarlarynda gazandylar. Beýleki şäherleriň arasynda Milan (16), Çikago (15), Rio-de-Žaneýro (15), Stambul (11) we Taýbeý (11) ýaly ýerler bar. Afrikanyň hiç bir şäherinde milliarderleriň sany 10-a ýetmedi. Germaniýanyň Ingelhaým-am-Raýn şäherçesinde 10 sany milliarderiň doglandygy aýratyn bellenildi. Bu ýagdaý 1885-nji ýylda şol ýerde düýbi tutulan Boehringer Ingelheim derman senagaty kompaniýasynyň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Germaniýanyň iň baý adamlarynyň hataryna girýän Býoringer maşgalasynyň wekilleriniň köpüsi hut şu şäherde doglandyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir