Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär. Skelet fewral aýynda ýurduň günortasyndaky Limburg sebitiniň Maastriht şäheriniň ybadathanasynda düşemäniň abatlaýyş işleri wagtynda tapyldy. Ol ozal altar bolan ýeriň aşagyndan çykdy — adatça, ol ýerde asylzadalar jaýlanypdyr. Galyndylaryň ýanyndan muşket okunyň bölekleri we fransuz teňňesi tapyldy. Alymlar DNK nusgalaryny barlaga iberdi. «Häzirlikçe munuň d’Artanýan bolmagyna garşy gelýän hiç hili delil ýok» – diýip, arheolog Wim Deýkman belledi. Taryhy maglumatlara görä, graf d’Artanýan ady bilen meşhur bolan Şarl de Bas de Kastelmor 1673-nji ýylda Maastrihtiň gabawy wagtynda wepat bolupdyr. Onuň ölümine döşünden ýa-da bokurdagyndan salnan ýaranyň sebäp bolandygy çaklanylýar. Onuň jaýlanan anyk ýeri uzak wagtlap nämälim galypdy. D’Artanýan Fransiýanyň milli gahrymany hasaplanýar. Ol 1844-nji ýylda Aleksandr Dýumanyň «Üç muşketçi» romany çap edilenden soň dünýä derejesinde uly meşhurlyk gazandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir