26-njy martda Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Ynsanperwerlik ýoly» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň, Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahata daşary ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň wekilleri hem goşuldy. Gatnaşyjylar halkara ynsanperwer guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garady. Şeýle işleriň tejribe alyşmaga hem-de işgärleriň we meýletinçileriň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Halkara giňişliginde ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öne sürmekde Türkmenistanyň tutýan ornuna aýratyn üns berildi. Çykyşlarda TGÝMJ-niň alyp barýan işleriniň ynsanperwerlik, özygtyýarlylyk we meýletinlik ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy. Maslahatyň jemleri boýunça gatnaşyjylar çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirip, öňe sürlen başlangyçlary döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.