2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Marilena Mladin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ahalteke atlarynyň dünýä medeniýetindäki taryhy ornuna aýratyn üns berip, atçylyk sporty ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmen tarapy ýurtda pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, hususan-da «Türkmenatlary» Döwlet birleşiginiň işi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy barada maglumat berdi. Şeýle hem türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde geçirilýän halkara çäreleriniň dünýä derejeli hünärmenler üçin tejribe alyşmakda möhüm meýdançadygy bellenildi. Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar hünärmenleriň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmak we bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşdy.