Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär. The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, munuň ýaly agent maglumat gözlemekden başlap, gündelik işleri guramaga çenli hereketleri özbaşdak meýilleşdirip hem ýerine ýetirip biler. Bu täze taslama Sukerberge hasap-hesiplere göz aýlaman ýa-da dolandyryş düzümini işletmän, zerur maglumatlary derrew kabul etmäge şert döreder. Taslama Meta-nyň iş ýagdaýlaryna emeli añy ornaşdyrmak we dolandyryş basgançaklaryny azaltmak boýunça giň göwrümli maksatnamasynyň bir bölegidir. Sukerberg çärýekleýin hasabat wagtynda: «Biz aýratyn hünärmenleriň ornuny güýçlendirýäris we toparlary has ýönekeýleşdirýäris. Eger biz muny başarsak, meniň pikirimçe, has köp zada ýetip bileris we iş öňkiden gyzykly gider» diýip belledi. Kompaniýanyň işgärleriniň eýýämden maglumat gözlemek, ulgama salmak we şahsy kömekçiler hökmünde emeli aň gurallaryny ulanýandyklary hakynda habarlar eşidilip başlandy. Şol bir wagtda Meta gürrüňi edilýän EA agentleriň biri-biri bilen aragatnaşyk saklap biljek platformalaryny hem ösdürýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir