77-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň geçiriljek senesi belli boldy. Festiwal 2027-nji ýylyň 10-21-nji fewraly aralygynda geçer diýip, «Berlinaleniň» saýtynda habar berilýär. Açylyş dabarasynyň çarşenbe güni — geçen ýyllardakydan bir gün ir boljakdygy bellenilýär. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolsa 19-njy fewralda bolar. Festiwalyň direktory Trişa Tattlyň aýtmagyna görä, goşmaça iki gün (20 we 21-nji fewral) Berlinale programmasyndaky filmlere tomaşa etmek isleýänleriň ählisi üçin doly derejeli «tomaşaçylar gününi» (Berlinale Publikumstage) geçirmäge mümkinçilik berer. Kinofestiwalyň çäklerinde geçirilýän Ýewropa kinobazary (EFM) hem goşmaça bir gün alar — 2027-nji ýylda ol 9-16-njy fewral aralygynda bolar. Festiwalyň emin agzalarynyň başlygy we gatnaşýan filmler çäräniň başlanmagyna golaý belli bolar. Soňky Berlinale «Sary harplar» türk dramasynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Aktýorlyk baýraklaryna Sandra Hýuller («Roza»), şeýle hem Tom Kortni we Anna Kalder-Marşall («Deňizdäki şa aýaly») mynasyp boldy.