iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär. ​Barlagyň netijelerine görä, iPhone Air modeliniň paýy iPhone 17 hatarynyň satuwynda 6,8%-e deň boldy. Şol bir wagtda iPhone 16 Plus modeliniň iPhone 16 hataryndaky paýy bary-ýogy 2,9% bolupdy. ​Esasy iPhone 17 modeli hem özünden öňki modelden has şowly başlady — onuň paýy iPhone 16-nyň 5,9%-ine garanyňda 7%-e ýetdi. Şunlukda, Pro we Pro Max modelleriniň paýy azaldy, aýratyn-da Pro wersiýasynyň peselmegi sarp edijileriň islegleriniň üýtgeýändigini görkezýär. ​Seljerijiler iPhone Air-e bolan gyzyklanmany onuň täzeçe hödürlenmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Smartfonyň esasy tapawudy — örän inçe korpusydyr. ​Hasabatda bellenilişi ýaly, ABŞ-da Speedtest programmasynda iPhone Air modelinden peýdalanmak görkezijisi Samsung Galaxy S25 Edge-den takmynan üç esse ýokarydyr. Beýik Britaniýada we Germaniýada S25 Edge modeliniň paýy 1%-den hem pes bolmagynda galýar. ​Mundan başga-da, Apple-yň täze C1X modemi barada agzalyp geçilýär. Ol tizligi boýunça Qualcomm-yň çözgütlerine has golaýlaşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir