27-nji marta geçilen gije Dünýä çempionaty — 2026-nyň Ýewropada saýlama tapgyrynyň pleý-offunyň 1/2 final oýunlary geçirildi. Şwesiýanyň ýygyndy topary Ukrainanyň toparyndan üstün çykdy. Oýun 1:3 hasabynda tamamlandy — şwedleriň düzüminde gollaryň üçüsini hem «Arsenalyň» hüjümçisi Wiktor Dýokereş geçirdi. Beýleki duşuşyklarda Italiýa Demirgazyk Irlandiýany 2:0 hasabynda utdy. Sandro Tonali bir gol we bir assist bilen tapawutlandy. Türkiýe Stambulda Rumyniýany 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, ýeke-täk goly Arda Gýuleriň topy geçirmeginden soň Ferdi Kadioglu derwezä girizdi. Polşa Albaniýadan 2:1 hasabynda üstün çykyp, indi pleý-offuň finalynda Şwesiýa bilen duşuşar. Şeýle-de, ýollanma ugrundaky göreşi Kosowo we Daniýa dowam etdirýär. Iki duşuşykda ýeňijiler penalti tapgyrynda kesgitlenildi. Uels Bosniýa we Gersegowinadan utuldy, Çehiýanyň ýygyndysy bolsa Irlandiýanyň futbolçylaryndan has takyk boldy. Oýunlaryň netijeleri: A ýoly Italiýa — Demirgazyk Irlandiýa — 2:0 Uels — Bosniýa we Gersegowina — 1:1 (pen. 2:4) B ýoly Ukraina — Şwesiýa — 1:3 Polşa — Albaniýa — 2:1 C ýoly Türkiýe — Rumyniýa — 1:0 Slowakiýa — Kosowo — 3:4 D ýoly Daniýa — Demirgazyk Makedoniýa — 4:0 Çehiýa — Irlandiýa — 2:2 (pen. 4:3) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.