Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Döwlet Baştutany öz gutlagynda Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Gresiýanyň Garaşsyzlyk güni 25-nji martda bellenilýär. Bu baýram 1821-nji ýylda grek halkynyň Osman imperiýasyna garşy milli azatlyk ugrundaky göreşiniň başlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Gozgalaň özbaşdak grek döwletiniň döredilmegi bilen tamamlanan uzak möhletleýin garaşsyzlyk ugrundaky urşuň başlangyjy boldy. Bu gün Gresiýanyň esasy milli baýramlarynyň biri bolup, ol her ýyl resmi çäreler we dabaralar bilen utgaşdyrylýar.