Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi. Sergi 2027-nji ýylda Serbiýanyň paýtagtynda «Oýun adamzat üçin: Sport we saz hemmeler üçin» şygary astynda geçiriler. Taýýarlyk işleriniň çäginde milli pawilýonyň gurluşyk işleri, enjamlaşdyrylmagy we bezeg işleri göz öňünde tutulýar. Türkmenistan bu sergä «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen gatnaşar. Bäsleşige hödürlenilýän teklipler 2026-njy ýylyň 13-nji apreline, sagat 18:00-a çenli kabul ediler. Bäsleşik resminamalaryny Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýy salgysy boýunça alyp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44-64-77, 44-63-00, 44-64-14, 44-63-31.