Ispaniýada çempionlyk ugrundaky göreşde aýgytlaýjy bolup biljek «El-Klasiko» oýnunyň senesi belli boldy. La Liganyň 35-nji tapgyrynyň çäklerinde «Barselona» we «Real Madrid» toparlarynyň arasyndaky ikinji aýlawyň duşuşygy 11-nji maýa geçilýän gije bolar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar. Häzirki wagtda «Barselona» 73 utuk bilen çempionatda öňde barýar. Madridiň «Realy» bolsa dört utuk yza galyp, ikinji orunda ýerleşýär. Maý aýynda boljak bu duşuşyk çempionlyk tituly üçin göreşde aýgytlaýjy bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, «Barselona» eýýäm 2026/27 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşmagyny kepillendiren ilkinji klub boldy. Ýekşenbe güni «Betis» Ispaniýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynda myhmançylykda Bilbaonyň «Atletiginden» utuldy. Şeýlelikde, «Barselona» indi Ispaniýanyň çempionatynyň dördünji ornundan aşak düşmez, bu bolsa oňa indiki möwsümde Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Garaşylýan oýun häzirki möwsümde «Barselona» bilen «Realyň» üçünji duşuşygy bolar. Häzirlikçe şahsy bäsleşiklerde deňlik saklanýar: 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabry (La Liga): «Real» Madridde 2:1 hasabynda utdy. 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary (Superkubok): Saud Arabystanyndaky dartgynly finalda «Barselona» 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýanwar aýyndaky ýeňiş katalonlar üçin Ispaniýanyň Superkubogynyň taryhynda 16-njy we resmi «El-Klasiko» oýunlarynda 105-nji ýeňiş boldy.