«Kwentin Tarantino bilen Silwestr Stallone alty bölümden ybarat täze serialyň üstünde işleýärler» diýip, TMZ neşiri habar berýär. Serialdaky wakalar 1930-njy ýyllardan habar berýär. Şol döwrüň ruhuny we ýakymyny doly bermek üçin, filmi ak-gara görnüşde we XX asyryň başlarynda ulanylan hakyky kameralarda surata düşürmek isleýärler. Sýužetiň merkezinde şol döwri häsiýetlendirýän gangsterler, tansçy gyzlar, boks we saz durýar. Silwestr Stallone taslamanyň režissýory hökmünde çykyş eder we ekranda görünmez. Häzirlikçe seriala haýsy aktyorlaryň gatnaşjagy-da belli däl. Kwentin Tarantino hem ýöne oturanok. Onuň diňe ekran däl, eýsem teatr dünýäsi üçin hem täze eser taýýarlaýandygy öň aýdylypdy. Şol pýesany Londonyň meşhur West-End teatrlarynda görkezmek meýilleşdirilýär we premýerasynyň 2027-nji ýylyň başlarynda bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir