«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand öz ýurdunyň taryhyndaky iň gymmat kitap neşirini satyn aldy we ony dogduk mekany bolan Time munisipalitetine gowşurdy. Bu barada NRK we «Stavanger Aftenblad» neşirleri habar berýär. Gürrüň 1594-nji ýylda çap edilen Snorre Sturlasonyň «Patyşalyk sagalary» kitaby barada barýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda Holand kakasy Alfi bilen bilelikde bu nusgany 1,3 million Norwegiýa kronyna (takmynan, $134–135 müň) satyn aldy. Indi bu neşir munisipalitet kitaphanasynda saklanar we isleg bildirýänleriň ählisi üçin elýeterli bolar. «Men hiç wagt kitap okamagyň uly muşdagy bolmandym, ýöne bu kitabyň elmydama elýeterli bolmagyny, meniň ýaşaýan ýerimden — Braýndan we Ýerenden bolan adamlar barada okap bilmegiňizi isleýärin» – diýip, futbolçy belledi. Holand 25 ýaşynda. Ol 2022-nji ýyldan bäri «Mançester Sitide» oýnaýar. Klubuň düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy we iki gezek Angliýanyň çempionlygyny gazandy. Häzirki möwsümde Holand ähli ýaryşlarda 43 oýna gatnaşyp, 30 gol geçirdi we ýedi goluň geçirilmegine goşant goşdy. Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa hüjümçi 48 oýunda 55 gol girizdi we ýurduň taryhynda iň gowy bombardir bolmagynda galýar.