Awtoulaglaryň adam gatyşmazdan ýygnaljak ilkinji doly awtomatlaşdyrylan zawodlary 2030-njy ýylda ABŞ-da ýa-da Hytaýda peýda bolup biler. Gartner we Warburg Research seljerijileriniň baha bermegine görä, doly awtomatlaşdyrmaga geçmek - geljek ýyllaryň meselesi. Önümçilik emeli aňyň işine, sanly modellere we adam şekilli robotlara daýanar. Iri 25 awtoulag öndürijisiniň 12-si eýýäm şeýle tehnologiýalary synagdan geçirýär. Olar ýygnamagy çaltlaşdyrýar, hili gowulandyrýar we adam faktorynyň täsirini azaldýar. Hyundai 2028-nji ýyldan başlap ABŞ-daky zawodyna Boston Dynamics kompaniýasynyň robotlaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Mercedes-Benz Germaniýadaky önümçilik zawodynda Apollo robotlaryny synagdan geçirýär. Bilermenler emeli aňy ulanmagyň täze modelleri bazara çykarmak üçin gerek bolan wagty 50% çenli azaltmaga we çykdajylary kemeltmäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýarlar. Adam zähmetinden doly ýüz öwürmegiň mümkin däldigini bellemek gerek. Inženerçilik wezipelerini çözmek, enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek, logistika we programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin "adam" hünärmenler gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde işgärleriň hünärini kämilleşdirmäge bolan talap artar.