«Mançester Siti» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda Londonyň «Arsenal» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we öz taryhynda dokuzynjy gezek bu kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Londonyň «Wembley» stadionynda geçirildi. Oýundaky gollaryň ikisini hem 21 ýaşly ýarymgoragçy Niko O’Raýli geçirdi. Ol 60-njy minutda hasaby açan bolsa, eýýäm 64-nji minutda ikinji goluny girizdi. «ManSiti» Liganyň kubogyny ozal 1970, 1976, 2014, 2016, 2018, 2019, 2020 we 2021-nji ýyllarda gazanypdy. Titullaryň sany boýunça bu klub diňe 10 gezek ýeňiş gazanan «Liwerpuldan» yza galýar. Geçen ýyl Angliýanyň ligasynyň kubogynyň eýesi finalda «Liwerpuly» 2:1 hasabynda utan «Nýukasl Ýunaýted» bolupdy. «Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Pep Gwardiola üçin bu kubok tälimçilik karýerasynda 40-njy, iňlis kluby bilen bolsa 19-njy baýragy boldy. Şeýle hem ol 2016-njy ýylda Angliýada işläp başlany bäri bäşinji gezek Liganyň kubogyny aldy. «Sitiniň» goragçysy Abdukodir Husanow Angliýanyň ýokary futbol ligasynda uly tituly gazanan ilkinji özbek futbolçysy boldy.