Brand Finance kompaniýasynyň wersiýasyna görä, McDonald’s bassyr ikinji ýyl iň gymmat restoran brendleriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. 2026-njy ýylda brendiň bahasy 5% ýokarlanyp, 42,6 milliard dollara ýetdi. Umuman, reýtinge jemi bahasy 190,1 milliard dollar bolan iň uly 25 brend girdi. Ikinji orunda Starbucks galdy, emma onuň bahasy 4% peselip, 37 milliard dollara düşdi. Analitikler munuň sebäbini bäsdeşligiň, aýratyn-da, Hytaýda güýçlenmegi bilen baglanyşdyrýar. Üçünji ýeri KFC eýeledi, onuň bahasy 8% ýokarlanyp, 16,5 milliard dollara deň boldy. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Subway (9,5 mlrd dollar, 18% ösüş) we Chick-fil-A (8,1 mlrd dollar, 44% ösüş) girdi. Ilkinji onlukda Tim Hortons, Domino’s Pizza, Taco Bell, Wendy’s we Pizza Hut ýaly brendler hem bar. McDonald’s-yň ösüşini franşiza girdejileri we ulgamyň giňelmegi üpjün etdi. 2024-nji ýylda kompaniýa ABŞ-da 102 sany täze restoran açdy — bu 2013-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir. Ýylyň ahyryna çenli bu ulgamyň bütin dünýä boýunça 43,4 müň nokady hasaba alyndy. Subway öz bahasyny daşary ýurtlardaky ösüşiň we sanly söwdanyň hasabyna artdyrdy. Kompaniýa 10 müňden gowrak restorany açmagy göz öňünde tutýan 25 sany franşiza ylalaşygyny baglaşdy. Şol bir wagtda ABŞ-daky ulgam 19,5 müň nokada çenli azaldy, bu bolsa soňky 20 ýylda iň pes görkezijidir. Chick-fil-A bir nokatdan gelýän ýokary girdejiniň we ABŞ-dan daşary ýurtlara giňelmegi netijesinde iň ýokary ösüşi görkezdi. Bu reýtinge ilkinji gezek Hytaýyň Mixue, Haidilao we Luckin Coffee brendleri hem goşuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir