Nemes matematigi Gerd Faltings 1983-nji ýylda öňe sürlen Mordell çaklamasynyň subutnamasy üçin 2026-njy ýylyň Abel baýragynyň eýesi boldy. Bu barada «New Scientist» neşiri habar berýär. Bu çaklama 1922-nji ýylda Luis Mordell tarapyndan düzülipdi. Ol diofant deňlemelerine degişli bolup, deňleme näçe çylşyrymly bolsa, onuň rasional çözgütleriniň şonça-da azdygyny öňe sürýär. Faltingsiň subutnamasy arifmetik geometriýanyň ösmegine uly täsir etdi. Alymyň işi Pifagoryň teoremasy we Fermanyň Beýik teoremasy ýaly deňlemeleri öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Mordell çözgütleriň sanynyň degişli üstleriň geometrik aýratynlyklaryna baglydygyny çaklapdy, emma ony subut edip bilmändi. Faltings bu subutnamany 60 ýyldan gowrak wagt geçenden soň hödürledi. Onuň çemeleşmesi geometriýa we arifmetika ideýalaryny birleşdirdi, işiň özi bolsa 18 sahypadan ybarat boldy. Matematik bu barlagy üçin ozal, 1986-njy ýylda Filds medaly bilen sylaglanypdy. «Men [Mordell çaklamasyny] çözdüm, ýöne netijede bu bize rak keselini ýa-da Alsgeýmer keselini bejermäge kömek etmeýär, bu diňe biziň zatlar baradaky bilimlerimizi giňeldýär» — diýip, Faltings belledi. Onuň işläp düzen usullary indiki barlaglara täsir edip, matematikada Hojuň p-adik teoriýasy ýaly täze ugurlaryň binýadyny goýdy. Şeýle hem olar Endrýu Uails tarapyndan Fermanyň Beýik teoremasynyň subut edilmegi ýaly beýleki taryhy netijelere gönüden-göni täsir etdi. Mundan başga-da, Faltings «abc çaklamasynyň» jedelli subutnamasyny hödürlän ýapon matematigi Sinýiti Motidzukiniň halypasy bolupdy. «Meniň çemeleşmäm elmydama şeýledi: men özümi meşhur we baý edip biljek zatlara seretmeli däl, men öz halaýan zadymy tapmaga çalyşmalydyryn» — diýip, Faltings öz pikirlerini paýlaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir