19-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplumyň girelgesinde ony Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we atçylyk toplumynyň wekilleri garşylady. Soňra belent mertebeli myhman toplum bilen tanyşdyryldy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda hytaý saz gurallarynda milli sazlar ýaňlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri sazandalara minnetdarlyk bildirip, olary Türkmen bedewiniň milli baýramy, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza çagyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen halyny synlady. Soňra belent mertebeli myhman üçin atlaryň gezim etdirilişi guraldy. Şeýle hem hytaý tohum itleri görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy atlaryň çykyşlaryna tomaşa etdi we sport atlarynyň taýýarlanylyşy, şeýle hem toplumda halkara ýaryşlaryň guralyşy bilen tanyşdy. Bu ýerdäki ahalteke bedewlerine aýratyn üns berildi. Hytaýly hünärmenler atlary idetmek işinde türkmen milli däpleriniň we seýisçilik usullarynyň ulanylýandygyny, munuň bolsa bedewleriň arassa tohumyny gorap saklamaga ýardam edýändigini gürrüň berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow milli däp-dessurlarymyza eýerip, atlaryň biriniň boýnuna alaja daňdy. Saparyň ahyrynda ol toplumyň dolandyryş binasynda guralan sungat eserleriniň sergisini synlady. Sergide goýlan gymmatlyklar ahalteke bedewiniň dünýä medeni mirasynyň ösüşindäki möhüm ornuny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir