Şu gün — 19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan gyzgyn gutlaglaryny ýollady. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi. «Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn». Milli Lider öz gutlagynda döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň türkmen halkynyň taryhy köklere ygrarlydygyny, döwletli ýörelgeleriň dowam etdirilýändigini alamatlandyryp, täze eýýamy şöhlelendirýändigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda amala aşyrylýan gurluşyk-özgertme işlerine, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurulmagyna we ak mermerli Aşgabadyň ösüşlerine aýratyn ünsi çekdi. Gutlag hatynda hormatly Prezidentiň baştutanlygynda ýurduň öňüni alyş diplomatiýasynyň, parlament, ykdysady, energetika, ulag, ylym-bilim, ynsanperwer, ekologiýa mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýändigi, şeýle-de Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, özara düşünişmegi, dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary berkitmäge möhüm goşant goşýandygy aýratyn nygtalýar. Milli Lider gutlagynda döwlet syýasatynyň esasyny düzýän ýörelge barada «Biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz "Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!" diýen syýasatymyzyň netijesidir» diýip belleýär. Gurbanguly Berdimuhamedow öz gutlagyny döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etmek bilen jemledi: «Siziň janyňyzyň sag, mertebäňiziň belent bolmagyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli tutumlaryňyzyň has-da rowaçlanmagyny arzuw edýärin». Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 12-nji martynda giň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini gazandy. Merkezi saýlaw toparynyň 14-nji martda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, şol wagt Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýän Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.