Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa saparynyň çäklerinde Si Szinpin bilen geçirilen duşuşykdan soň, onuň bilen dostlukly gezelenç etdi. Bu waka iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýokary derejeli ynamyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Gezelenjiň dowamynda sowgat alyşmak dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Hytaýyň Başlygyna Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi. Si Szinpin bu gymmatly sowgady uly hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda türkmen bedewlerine aýratyn sarpa goýulýandygyny belledi. Ol mundan 12 ýyl ozal özüne sowgat berlen Gahryman atly ahalteke bedewini ýatlap, türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly pähimli sözlerini belledi. HHR-iň Başlygy bu sowgadyň diňe bir özi üçin däl, eýsem tutuş hytaý halky üçin hem uly hormatdygyny aýtdy. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parfiýa döwletine iberilmegi türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu halklaryň taryhy berk baglanyşykly bolup, häzire çenli bilelikde geçilen ýoluň iň asylly däpleri özara gatnaşyklara üstünlikli ornaşdyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir