17-nji martda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarly bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Taraplar migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Mahir Safarly 2024-nji ýylda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga gönükdirilen #IBELONG kampaniýasynyň üstünlikli tamamlanandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi beýleki ýurtlar üçin nusga alarlykdyr. Şeýle hem ýurduň Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça täze Global Alýansa goşulmak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir