Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy. Mahabat kampaniýasy bäş sany gysga hekaýadan ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn bir kino žanryna esaslanýar. Treýlerde romantika, ekşn, ylmy-fantastika, mýuzikl we horror elementleri ulanylýar. Şeýle format modeliň dürli taraplaryny we onuň gündelik durmuşda nähili ulanylyp bilinjekdigini görkezmek üçin saýlanyp alyndy. Baş keşbi aktrisa Jesami Uoldon-Deý ýerine ýetirdi. Ol her bölümde dürli sýujetleriň içine düşýän bir gahrymanyň keşbini janlandyrýar. CX-5 awtoulagy bolsa bu hekaýalaryň bir bölegine öwrülip, dürli ýagdaýlarda öz mümkinçiliklerini görkezýär. Taslamanyň režissýory Pol Hanter, operatory bolsa Oskar baýragynyň eýesi Hoýte wan Hoýtema boldy. Mazda North America kompaniýasynyň marketing boýunça direktory Bred Odetiň bellemegine görä, täze CX-5 işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar üçin döredildi, şonuň üçin hem kino formaty modeli tanyşdyrmak üçin iň amatly usul boldy. Mundan başga-da, Mazda Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy hem-de ýaş režissýorlary goldaýan «Academy Gold» programmasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Gysga metražly filmler we surata düşüriş işleri baradaky materiallar durmuş ulgamlarynda hem-de sanly platformalarda Oskar dabarasy bilen utgaşdyryp ýaýradylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir