Amerikanyň Ogayo ştatynyň asmanynda äpet meteorit ýaryldy. Ýarylyşyň güýji takmynan 250 tonna trotil ekwiwalentine deň boldy. Bu barada NBC News teleýaýlymy ABŞ-nyň Aeronaawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanyp habar berýär. NASA-nyň meteoritlere gözegçilik edýän bölüminiň ýolbaşçysy Bill Kuk meteoritiň köp sanly böleklere bölünip, takmynan 250 tonna trotil güýjündäki energiýanyň bölünip çykmagyna sebäp bolandygyny belleýär. Teleýaýlymyň anyklamagyna görä, köp sanly böleklere bölünip ýere gaçan asman jisiminiň agramy 7 tonna golaý, diametri 1,8 metr çemesidir. Meteoritiň sagatda 72,4 müň km.-e deň bolan tizligi onuň uçuş wagtynda ýarylmagyna sebäp boldy. «Associated Press» agentliginiň maglumatyna görä, bu hadysa Wiskonsin we Merilend ştatlarynda hem göründi. Waka 18-nji martda, ýerli wagt bilen sagat 09:00 töweregi boldy we hatda gündizlikde-de aýdyň göründi. Asman jisimi dargamazdan ozal atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndan takmynan 55 km ýol geçdi. Meteoritler planetalaryň ýüzüne çenli ýetip gelýän gaty kosmos jisimlerdir. Olar daşdan, metaldan ýa-da olaryň garyndysyndan ybarat bolup bilerler. Atmosferada ýanyp gidýän has kiçijik desgalara bolsa meteorlar diýilýär. Alymlaryň çaklamasyna görä, her ýyl Ýere şeýle jisimleriň 21,3 tonna golaýy gaçýar, ýöne her 100 müň meteoritden diňe biri şeýle uly we weýrançylykly güýje eýe bolup bilýär.