BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi. Onuň sözlerine görä, täze BMW X5 brendiň taryhynda bir wagtyň özünde bäş dürli çekiji ulgam (priwod) bilen satyljak ilkinji modeli bolar. Alyjylara benzinli we dizelli hereketlendirijiler, gibrid desgalary we doly elektrikli motorlar hödürlener. 2028-nji ýylda bolsa kompaniýa X5-iň wodorod ýangyç elementlerinde işleýän görnüşini hem çykarmagy meýilleşdirýär. Konserniň ýolbaşçysy bu krossoweriň häzirki bar bolan modeller hataryna Neue Klasse tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň ilkinji mysallaryndan biri boljakdygyny belledi. Bu ýerde gürrüň täze programma üpjünçiligi, mediaulgamlar we täzelenen dizaýn barada gidýär. Ozal çap edilen içaly suratlaryna görä, awtoulagyň kuzowy has ýumşak çyzyklara we düýpli üýtgedilen öň tarapa eýe bolar. Salonda bolsa öňdäki aýnanyň bütin giňligine uzalyp gidýän panorama iDrive displeýiniň peýda bolmagy mümkin. Täze BMW X5-iň önümçiliginiň kompaniýanyň ýakynda döwrebaplaşdyrylan ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynda ýola goýulmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir