2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi. Ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça üç sany — Masters, Challengers we Futures kwalifikasiýa toparlarynda geçirildi diýip, THP habar berýär. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň okuwçysy Mähri Agamyradowa bu ýaryşyň uly üstünlik gazanan oýunçylarynyň biri boldy. Ol Challengers (B topary) kategoriýasynda 16 ýaşyna çenli gyzlaryň arasynda ähli bäsdeşlerinden üstün çykyp, birinji orny eýeledi. Şeýle hem Futures toparynda (C kategoriýasy) Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde okaýan Eneş Arazmedowa bäşinji, Türkmenabatdan Gülmira Seýilhanowa bolsa ýedinji orny eýeläp, milli küşt mekdebiniň ýokary derejesini tassyklady. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy gyzlary gutlap, olaryň bu halkara üstünliginiň ýurtda zenanlaryň arasynda küşt ýaryşynyň ösüşine täze itergi berjekdigini belledi. Gyzlaryň görkezen erjelligi we ussatlygy olaryň geljekde has uly dünýä birinjiliklerinde täze sepgitlere ýetjekdiklerine ynam döretdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir