Tebigatda gysga wagtlyk gezelenç etmek hem beýniniň işini düýpli üýtgedip bilýär. Halkara alymlar topary ýüzden gowrak ylmy barlagy seljerip, şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Neuroscience & Biobehavioral Reviews žurnalynda çap edildi. Alymlar dürli ylmy ugurlardan alnan maglumatlary öwrenip, tebigat bilen galtaşykda bolan pursady beýnide döreýän üýtgeşmeleriň yzygiderliligini anykladylar we ýüze çykan hadysa «kaskad kanunalaýyklygy» diýip at berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, beýni üçin tebigy gurşawa mahsus bolan görnüşleri kabul etmek has ýeňildir. Tebigatyň şekilleri şäher gurşawynyň gysby we çalt üýtgeýän şekiline ýa-da internetdäki maglumatlara garanyňda, beýniden has az güýç talap edýär. Duýgy agzalaryna düşýän agram azalanda, strese jogap berýän ulgamlar hem durnuklaşýar. Organizmdäki dartgynlylyk peselip, ýürek urşy kadalaşýar, dem alyş çuňlaşýar we beýniniň howp bilen baglanyşykly bölekleriniň işjeňligi peselýär. Şu nukdaýnazardan, adamyň ünsi dartgynly meseleleri çözmekden dynç alyş we dikeliş ýagdaýyna geçýär. Şeýle hem beýniniň öz-özüňe aşa tankydy baha bermek we dowamly biynjalyklyk bilen bagly nokatlarynyň işjeňligi kemelýär. Tebigatyň peýdaly täsiri onuň ähli görnüşlerinde — seýilgählerde, suwuň ýakalarynda, tokaýda ýa-da ýiti sesli şaglawuklaryň ýanynda gezelenç edilende hem ýüze çykýar. Alymlar beýnidäki ilkinji üýtgeşmeleriň eýýäm gezelenjiň üç minudyndan soň duýlup başlaýandygyny, wagt uzaldygyça bolsa bu täsiriň has-da güýçlenýändigini belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir