Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär. Çemedanlaryň daşky panelleri anodlaşdyrylan alýuminden ýasalýar. Öndüriji Porsche awtoulag konweýerlerinde ulanylýan tehnologiýany ulanýandygyny aýdýar. Korpusyndaky relýefli gabyrgalar 911 Targa modeliniň kese howpsuzlyk ýaý halkalarynyň şekilini ýatladýar. Gyrdalan burçlary transportirowka edilende we uçara ýüklenen wagtynda bagaža düşýän agramy azaltmak üçin niýetlenendir. Gulpunyň ýapylýan sesi awtoulagyň gapysynyň şarkyldap ýapylýan sesine meňzeýär diýip aýratyn bellenilýär. Çemedanlar ýörite podşipnikli tigirçekler we iki tutawaç bilen üpjün edilen. Olar alýuminden ýa-da deriden ýasalandyr. Dürli reňkli tutawaçlaryň toplumyny goşmaça 135 dollara satyn alyp bolýar. Ätiýaçlyk tigirleriň bahasy ölçegine baglylykda 145 dollara çenli. Porsche awtoulaglaryndan tapawutlylykda, çemedanlar diňe iki reňkli: kümüşsöw we gara korpusda bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir