«Barlagçylar Gwadulupaly Tilmada, ýagny Merýem enäniň şekili çekilen kaktus süýüminden taýýarlanylan ýapynjada adatdan daşary bir aýratynlygy ýüze çykardylar. Surat sanly ulgam arkaly ulaldylanda, onuň içinde 13 sany örän kiçijik adamyň ýüz şekiliniň bardygy belli boldy» diýip, Daily Mail neşiri ýazýar. Bu sypatlar XVI asyryň adamlaryny ýatladýar we olary diňe şekil güýçli ulaldylanda görüp bolýar. Seljermeler suratyň mata ýüzüne hiç hili çyzgysyz we çotga yzyny galdyrmazdan, bir gezekde geçirilendigini görkezdi. Tilma agawa süýüminden dokalypdyr. Bäş asyr töweregi ýaşynyň bardygyna garamazdan, mata gaty gowy saklanypdyr. Ol mör-möjeklere we tozana durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Mukaddes ýadygärlige asyrlaryň dowamynda millionlarça zyýaratçynyň elleriniň degendigine garamazdan, onuň reňkleri solman, şol durkuny saklaýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, XVIII asyrda bu şekiliň esasynda döredilen nusgalar gysga wagtyň içinde zaýalanyp gidipdir. Merýem enäniň şekili 1751-nji ýyldan bäri öwrenilip gelinse-de, häzirki wagta çenli hiç bir ylmy barlag onuň gelip çykyşyna anyk düşündiriş berip bilmedi. Şekili çekmekde ulanylan reňkler öň bize belli bolan boýaglara meňzemeýär, suratyň mata nähili geçirilendigi bolsa henizlerem syrlylygyna dur. Käbir synçylar bu şekili gudrat hasaplasalar, başgalar tapylan kiçijik sypatlary şekili sanly usulda işlemekde ýüze çykýan aýratynlyklar ýa-da ýalňyş düşündirişler diýip güman edýärler. Şeýle-de bolsa, bu mukaddes ýadygärlik dindarlaryň hem, alymlaryň hem ünsüni çekmegini dowam etdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir