Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol bu barada 16-njy martda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ynsanperwer hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp geçirilen metbugat maslahatynda mälim etdi. Diplomat duşuşygy açyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine öz minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem ol ýurduň ýolbaşçylaryny we halkyny Oraza we Nowruz baýramlary bilen gutlady. «Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasydyr. Biziň özara gatnaşyklarymyz dostluk we hakyky hyzmatdaşlyk ruhunda ösýär» — diýip, Ali Mojtaba Ruzbehani nygtady. Ilçi Türkmenistanyň Eýrana ynsanperwer kömegini ugradandygyny, şeýle hem beýleki ýurtlaryň ýükleriniň çalt üstaşyr geçirilmegini üpjün edendigini belledi. Onuň sözlerine görä, 1200 kilometrlik umumy serhetde ýerleşýän dört sany serhet geçelgesi ýakyn hyzmatdaşlykda işleýär we Merkezi Aziýadaky gatnawlar üçin möhüm ähmiýete eýedir. Diplomat raýatlaryň yzyna gaýtarylmagy baradaky meselä aýratyn üns berdi. Eýranyň howa giňişligini ulanmaga girizilen wagtlaýyn çäklendirmeler sebäpli köp adam gury ýer ugurlaryndan peýdalandy. Eýran raýatlary we syýahatçylary Türkmenistanyň çägi arkaly öz watanyna dolanmaga mümkinçilik aldy.