Ýaponiýanyň Ýamaguti uniwersitetiniň alymlary pişikleriň ýere düşenlerinde näme üçin aýaklarynyň üstüne düşýändigini düşündirdiler. Bu barlagyň netijeleri The Anatomical Record ylmy žurnalynda çap edildi. Bu ýagdaý haýwanyň oňurgasynyň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Barlagçylar pişikleriň oňurgasynyň döş böleginiň bil böleginden has çeýedigini anykladylar. Hereket mehanizmini öwrenmek üçin alymlar ilki bäş pişigiň oňurgasyny barladylar. Olar oňurganyň çeýeligini, güýjüni we burulma garşylygyny ölçediler. Soňra alymlar ýokary tizlikli kameralary ulanyp, iki sagdyn pişigiň ýumşak ýere düşüşini wideoýazgy etdiler. Haýwanlaryň egnine we biline beden agzalarynyň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berýän markerler berkidildi. Seljermeler pişigiň ýere düşüş wagtynda göwresini tapgyrlaýyn aýlaýandygyny görkezdi. Ilki bilen göwresiniň öň tarapy, ýagny kellesi we öň aýaklary aýlanýar. Bu oňurgasynyň döş böleginiň ýokary çeýeligi we göwresiniň öň tarapynyň ýeňildigi sebäpli bolup geçýär. Soňra göwresiniň yzky tarapy aýlanýar. Oňurgasynyň bil bölegi has berk we stabilizatoryň işini ýerine ýetirýär. Alymlar bu işiň netijeleriniň haýwanlaryň hereketlerini has takyk modelirlemäge, haýwanlaryň oňurga şikesleriniň bejerilişini gowulandyrmaga we has gowy öwrüm edip bilýän robotlary döretmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.