Forbes žurnaly dünýäniň iň ýokary hak alýan aktýorlarynyň her ýylky reýtingini çap etdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça birinji orny 59 ýaşly Adam Sendler eýeledi. Onuň girdejisi 48 million dollara deň boldy. Aktýoryň üstünligi iki sany iri taslama bilen baglanyşyklydyr. Bularyň biri, Sendleriň diňe bir aktýor däl, eýsem prodýuser hökmünde-de çykyş eden "Bagtly Gilmor-2" (Happy Gilmore 2) atly sport komediýasynyň dowamy, ikinjisi bolsa Netflix-iň "Jeý Kelli" (Jay Kelly) filmidir. Bu filmde onuň surata düşüriş meýdançasyndaky hyzmatdaşy Jorž Kluni boldy. Ikinji orny 46 million dollar girdeji bilen Tom Kruz eýeledi. Onuň girdejisinde "Amala aşyryp bolmajak wezipeler: Gutarnykly hasaplaşyk" (Mission: Impossible – The Final Reckoning) filmi uly rol oýnady. Iň köp gazanan ilkinji bäşlik: Adam Sendler — 48 mln dollar; Tom Kruz — 46 mln dollar; Mark Wolberg — 44 mln dollar; Skarlatt Ýohansson — 43 mln dollar; Bred Pitt — 41 mln dollar. Reýtingiň onunjy ornuna 22 ýaşly Milli Bobbi Braun eýe boldy. «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialy arkaly tanalýan aktrisa 26 million dollar gazanyp, sanawyň taryhyndaky iň ýaş gatnaşyjy boldy. Onluga giren beýleki ýyldyzlar: Denzel Waşington — 38 mln dollar; Jek Blek we Jeýson Momoa — her biri 28 mln dollar; Deniel Kreýg — 27 mln dollar.