IDEA+ topary Belarus Respublikasynyň uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänler üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň başlanandygyny yglan etdi. Hünärmenler dalaşgärlere laýyk okuw ugruny saýlamaga, zerur resminamalary taýýarlamaga hem-de Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmek prosesinden geçmäge kömek berýärler. IDEA+ wekilleriniň bellemeklerine görä, maslahat bermegiň maksatnamasy daşary ýurtlarda ýokary hilli bilim almak we halkara derejede zähmet ýoluny guramak isleýän talyplara gönükdirilendir. Dalaşgärlere olaryň gyzyklanmalaryny we akademiki mümkinçiliklerini nazara alyp, hünäri we uniwersiteti saýlamak boýunça kömek berilýär. IDEA+ Belarusyň uniwersitetlerinde okamak boýunça maslahat bermek işiniň başlanandygyny yglan etdi Maksatnamanyň hyzmatdaşlyk edýän uniwersitetleriniň hatarynda: Belarusyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti Belarusyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti Belarusyň döwlet tehnoligiki uniwersiteti Grodnonyň Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersiteti Gomeliň Fransisk Skorina adyndaky döwlet uniwersiteti Brestiň A. S. Puşkin adyndaky döwlet uniwersiteti Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersiteti Belarusyň daşary ýurt dilleri döwlet uniwersiteti Belarusyň milli tehniki uniwersiteti IDEA+ Belarusyň uniwersitetlerinde okamak boýunça maslahat bermek işiniň başlanandygyny yglan etdi Bu ýokary okuw mekdeplerinde lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary, emeli aň, ykdysadyýet, inženerçilik, daşary ýurt dilleri, hukuk, mugallymçylyk we ynsanperwer ylymlar ýaly talap edilýän okuw ugurlary hödürlenýär. IDEA+ ofisi Aşgabat şäherinde şu salgyda ýerleşýär: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108, «Joşgun» söwda merkezi, 3-nji gat. Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: (+993 71) 51 84 37 we (+993 71) 55 04 85 E-poçta: idea.mm005@gmail.com Şeýle hem guramanyň sosial ulgamlardaky sahypasy arkaly maglumat alyp bolýar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir