2026-njy ýylyň 14-nji martynda Kabulda «TAPI Pipeline Company» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen Owganystanyň häkimiýetiniň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Kompaniýanyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen bilelikde ýurduň oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministri Maulawi Ataulla Omari bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar TOPH gaz geçirijisini çekmek üçin zerur bolan ýer böleklerini bölüp bermek we satyn almak bilen bagly meselelere seretdiler. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar taslamanyň öz wagtynda we netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen pudagara özara utgaşdyryjy gurallary ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir