22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar. Ýaryş oýnuň toparlaýyn görnüşini ösdürmäge we küşt ýaryşyna gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilendir. Çempionatyň jemleri boýunça ýeňiji bolan topar Türkmenistana halkara ýaryşlarda — dünýä we Aziýa toparlaýyn çempionatlarynda wekilçilik etmäge hukuk gazanar. Şeýle-de, guramaçylar «Hususy pudagyň iň gowy topary» diýen aýratyn nominasiýany hem göz öňünde tutdy. Onda kompaniýalaryň we hususy guramalaryň arasyndaky iň güýçli topar bellenilip geçiler. Ýaryşyň ýeňijileri küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionlary hökmünde taryha girer. Geljekde ýurduň Küşt federasiýasy bu çempionaty her ýyl geçirmegi meýilleşdirýär. Ýaryşa diňe bir professional türgenler gatnaşman, eýsem federasiýa ähli küşt söýüjilerini dostlaryndan, kärdeşlerinden ýa-da pikirdeşlerinden öz toparlaryny döretmäge we toparlaýyn ýaryşlarda güýçlerini synamaga çagyrýar. Guramaçylaryň bellemegine görä, bu ýaryş professional oýunçylary we höwesjeňleri birleşdirmäge, täze toparlaryň döredilmegine we ýurduň küşt jemgyýetiniň has-da berkemegine ýardam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir