Spotify ulanyjylaryň şahsy maslahatlarynyň emele geliş tertibini dolandyrmaga mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi. Goşundyda ähli diňlenen maglumatlar — sazlar, podkastlar we audiokitaplar baradaky maglumatlary saklaýan aýratyn bölüm peýda bolar. Ulanyjylar öz profillerini özleri redaktirläp, haýsy kontenti has köp ýa-da has az görmek isleýändiklerini görkezip bilerler. Üýtgeşmeler girizilenden soň, goşundynyň esasy sahypasy derrew täzelener we täze isleglere laýyklykda sazlanar. Bu funksiýanyň şahsy ýygyndylary has takyk emele getirmäge, şeýle-de tötänleýin saýlanan trekleriň we emeli aň arkaly döredilen audiokontentleriň sanyny azaltmaga kömek etmegine garaşylýar. Täze aýratynlygyň ornaşdyrylmagy beta-synag tertibinde başlar. Oňa ilkinji bolup Täze Zelandiýadaky «Premium» abunaçylar eýe bolar. Bu funksiýanyň beýleki ýurtlarda haçan elýeterli boljakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir