​Žoan Laporta «Barselona» klubunyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, geljek bäş ýylyň dowamynda — 2031-nji ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etmegini dowam eder. ​Futbol işewüri özüniň ýeke-täk bäsdeşi bolan telekeçi Wiktor Fontdan öňe saýlandy. Sesler heniz doly sanalyp tamamlanmadyk hem bolsa, Fontuň sesleriň sany boýunça Laportadan ozmaga mümkinçiligi galmady. ​63 ýaşly Laporta üçin klubuň başynda işlemeginiň täze tapgyry başlanýar. Ol mundan ozal 2003-2010-njy ýyllar aralygynda «Barselonanyň» prezidenti wezipesini eýeläpdi, soňra bolsa 2021-nji ýylda gaýtadan saýlanyp, 2026-njy ýyla çenli kluba ýolbaşçylyk etdi. ​Resmi taýdan häzirki möhlet onuň üçin dördünji möhlet hasaplanýar. 2006-njy ýylda klubuň agzalarynyň biriniň arzasynyň esasynda kazyýet Laportanyň 2003-nji ýylda başlan birinji möhletini tamamlanan diýip hasap etdi. Şondan soň täze ses berişlik bellenildi, emma şol wagt saýlawlar hakykatda geçirilmedi: diňe Laporta dalaşgär hökmünde hasaba durmak üçin zerur bolan gollary ýygnap bildi. Netijede, ol awtomatiki usulda prezident wezipesinde galdy we 2010-njy ýylda tamamlanan täze möhletine başlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir