Fransiýaly barlagçy Wiktor Gisemberg Blua şäheriniň muzeýinden «Arhimediň palimpsestiniň» ýiten 123-nji sahypasyny tapdy. Bu barada Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkezi (CNRS) habar berdi. Tapylan sahypada Arhimediň «Sfera we silindr barada» atly traktatynyň bir bölegi ýerleşýär. Mundan ozal bu sahypa golýazmanyň beýleki iki sahypasy bilen bilelikde ýiten hasaplanýardy. «Arhimediň palimpsesti» — X asyra degişli bolan we Wizantiýada näbelli awtor tarapyndan döredilen grek golýazmasydyr. Onda gadymy grek alymynyň birnäçe ylmy işleri ýygnalan bolup, olaryň käbirleri başga çeşmelerde saklanyp galmandyr. Orta asyrlarda pergamenti täzeden ulanmak üçin ondaky ýazgylar bölekleýin öçürilipdir. Golýazma ilki Ierusalimde, soňra bolsa Konstantinopolda saklanypdyr. 1906-njy ýylda daniýaly alym Ýohan Lýudwig Heýberg onuň sahypalaryny surata düşürip, mazmunyny resmileşdiripdir. Bu suratlar häzirki güne çenli Daniýanyň Patyşa kitaphanasynda saklanýar. Wiktor Gisemberg tapylan sahypany Heýbergiň düşüren suratlary bilen deňeşdirip, onuň hakykatdan hem «Arhimediň palimpsestine» degişlidigini anyklady. Sahypanyň bir tarapynda, doga tekstiniň aşagynda traktatyň bölekleri we geometrik şekiller görünýär. Suratynyň aşagyndaky ýazgyny häzirlikçe okap bolmady. Häzirki wagtda bu golýazma ABŞ-nyň Baltimor şäherindäki Wolters muzeýinde saklanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir