Öý hojalyk tehnikalaryna ýöriteleşen Hytaýyň Dreame kompaniýasy ykjam gurluşlaryň bazaryna çykanyndan soň, «Appliance Consumer Electronics Expo» (AWE 2026) sergisinde mega-gymmat we kaşaň smartfonlaryny görkezdi. Ultra-premium segmentinde Vertu brendi bilen bäsleşmek isleýän kompaniýanyň bu ugurda strategiýasy tehnologik täzelikleriň esasynda däl-de, hut daşky bezegiň esasynda gurulýar: smartfonda altyn we gymmat bahaly daşlar näçe köp bolsa, ol şonça-da gymmat bolýar. Sergide görkezilen smartfonlaryň esasy flagmanynyň bahasynyň 1000 dollar boljakdygy we ulanylan altynyň hem gymmat bahaly daşlaryň mukdaryna görä 15 000 dollardan hem geçip biljekdigi aýdyldy. Kompaniýanyň wekilleri sergide eýýäm käbir müşderileriň Dreame telefonlary üçin deslapky sargytlary berendigini belledi. Dreame smartfonlary Android 16 ulgamynda işleýär, ýöne kompaniýa geljek ýylda olary öz hususy operasion ulgamyna geçirip biljekdigini hem ret etmeýär. Smartfonlaryň tehniki taraplary barada maglumat berilmeýär, ýöne şeýle gurluşlary satyn alyjylar üçin bu zatlar o diýen möhüm bolman hem biler. Ýeri gelende bellesek, ozal kompaniýa tarapyndan hödürlenen flagman Dreame RS1 — bu Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessorly, 144 Gs ýygylykly ekrana eýe bolan we 7200 mAs akkumulýatorly (90 Wt simli, 80 Wt simsiz zarýad beriş) Nubia Z80 Ultra modeliniň başgaça atlandyrylan görnüşidir. Enjam IP69 goragyna, 50 + 50 + 64 MP kameralar toplumyna eýe boldy. Onuň 16 MP frontal kamerasy bolsa displeýiň aşagynda ýerleşdirildi.