«Collider» neşiri «Oskar» baýragynyň taryhynda kino söýüjilerini has lapykeç eden ýeňişleriň reýtingini taýýarlady. Sanawyň birinji ornuny Roman Polanskiniň 2002-nji ýyldaky «Pianinoçy» (Пианист) filmi üçin «Iň gowy režissýor» kategoriýasynda gazanan ýeňşi eýeledi. Reýtingiň awtorlary öz gelen netijelerini režissýoryň 1977-nji ýylda jenaýat işinde öz günasini boýun almagy, soňra bolsa jezadan gutulmak üçin ABŞ-dan gaçmagy bilen düşündirdi. Ikinji orunda Pol Haggisiň 2004-nji ýylda «Iň gowy film» hökmünde «Oskar» alan «Çaknyşyk» (Столкновение) filmi ýerleşdi. Awtorlar bu ýeňşi baýragyň taryhynda iň köp tankyt edilen wakalaryň biri diýip atlandyrdy, sebäbi şol ýyl bu film dalaşgärleriň hataryna giren «Küýki dag» (Горбатая гора) kinosyndan üstün çykypdy. Üçünji orny «Bogem rapsodiýasynyň» (Богемская рапсодия) «Iň gowy montaž» kategoriýasynda gazanan ýeňşi eýeledi. Ilkinji bäşlige 1998-nji ýylyň «Aşyk Şekspir» (Влюбленный Шекспир) filminiň iki sany ýeňşi — «Iň gowy film» we Gwinet Peltrouwyň «Iň gowy zenan keşbi» ugrundaky baýraklary hem girdi. Şeýle-de, Jeými Li Kýortisiň «Hemme zat hemme ýerde we birbada» (Все везде и сразу), Maýkl Keýniň «Çakyr öndürijileriň kadalary» (Правила виноделов) we Meril Stripiň «Demir hanym» (Железная леди) filmleri üçin alan baýraklary hem jedelli hasaplanýar. Sanawda Uill Smitiň «Patyşa Riçard» (Король Ричард) filmi üçin alan baýragy aýratyn bellenilip geçilýär. Awtorlar aktyoryň işine ýokary baha berilýändigini, emma Smitiň dabarada Kris Roky urmagy bilen bagly ýüze çykan dawanyň bu ýeňşe kölege salandygyny nygtaýar.