Meşhur bloger JerryRigEverything täze wideosynda Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň çydamlylyk synaglaryny çykardy. Ol mundan ozal enjamyň içki gurluşyny görkezipdi, indi bolsa durnuklylyk boýunça standart testleri geçirdi. Blogeriň aýtmagyna görä, ekranyň gorag aýnasynyň berkligi häzirki zaman smartfonlarynyň köpüsi bilen deň derejededir. Ol Moos şkalasy boýunça gatylygy 6-a deň bolan materiallar bilen çyzylyp başlanýar. Emma, Galaxy S26 Ultra-nyň ekranynda beýle çyzyklar adatdakysyndan has az görünýär. Çaklamalara görä, bu ýagdaý aýnanyň hili bilen däl-de, eýsem Privacy Display tehnologiýasynyň döredýän ekrandaky şöhlelenmeleriň aýratynlygy bilen bagly bolup biler. Netijede, displeýdäki ownuk zeperlenmeler has az göze ilýär. Enjam beýleki synaglardan bökdençsiz geçdi. Maýyşkaklyk (eplenme) synagynda korpus aşa berklik görkezdi. Bloger şeýle-de kamera modullarynyň töweregindäki bezeg halkalarynyň aňsatlyk bilen aýrylyp bilinjekdigini belledi, emma adaty ulanyş wagtynda munuň uly mesele döräp durasy ýok.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir