Häzirki wagtda Italiýanyň Rim şäheriniň meşhur Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi öz işini dowam edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda açylan bu sergi türkmen we italýan arheologlarynyň köp ýyllaryň dowamyndaky bilelikdäki zähmetiniň netijesini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda uly ähmiýete eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Kakajan Hanowyň türkmen metbugatynda çap edilen makalasynds bellenilýär. Makalada bellenilişi ýaly, türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde gadymy medeni gymmatlyklaryň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Ençeme ýyllardan bäri Karlo Lippolis, Barbara Çerazetti ýaly görnükli italýan alymlary türkmen kärdeşleri bilen Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Şeýle hem makalada serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi aýratyn nygtalýar. Sergide Nusaý we Marguş taryhy ýadygärlikleriniň tapyndylary görkezilýär. Parfiýa patyşalygynyň meşhur paýtagty bolan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Nusaýdan tapylan ritonlar, mermer heýkeller we beýleki tapyndylar Parfiýa medeniýetiniň antik dünýä bilen nähili baglanyşykda bolandygyny görkezýär. Nusaýyň arheologik tapyndylary özüniň nepisligi we ýasalyş aýratynlygy bilen göreni haýran galdyrýar. Murgap oazisinde ýerleşýän Marguş siwilizasiýasy dünýäniň bäşinji gadymy medeni ojagy hasaplanýar. Sergide ýerleşdirilen Togalakdepeden tapylan tapyndylar biziň eýýamymyzdan öňki döwürlere degişli bolup, olar irki ekerançylyk we hünärmentçilik medeniýetiniň ýokary derejesini subut edýär. Bu gymmatlyklar Marguşuň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň taryhynda möhüm orun eýeländigini ýene bir ýola tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir