Türkmenistanyň Adalat ministrligi ýurduň kadalaşdyryjy hukuk namalary baradaky maglumatlary, olara girizilen soňky üýtgetmeleri we goşmaçalary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny işläp düzdi. Bu programma 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär we ol fiziki hem-de ýuridik şahslaryň ulanmagy üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda ulgamyň materiallaryna ministrligiň resmi saýty bolan minjust.gov.tm arkaly elýeterli bolmak mümkin. Ulanyjylar elektron maglumat toplumynda jemlenen täzelenen hukuk resminamalary bilen tanşyp biler. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny law.minjust.gov.tm subdomeninde onlaýn platforma arkaly ulanmak mümkinçiligi döredildi. Fiziki şahslara ulgama girmek üçin telefon belgisini girizmek, maglumatlaryň nusgalyklaryny taýýarlamagyň we ýaýratmagyň düzgünleri bilen tanyşmak, soňra bolsa razylygyny tassyklamak zerurdyr. Ondan soň ulanyjy öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we pasport belgisini görkezýär, şeýle hem bir gezeklik kod arkaly ulgama girmegi tassyklaýar. Şundan soň, ulgam ony degişli tölegi amala aşyrmak üçin degişli bank edarasynyň onlaýn töleg sahypasyna ugrukdyrýar. «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň onlaýn platformasyna elýeterlilik tölegli esasda amala aşyrylýar. Ulgamdan peýdalanmak bellenen nyrh boýunça bir aýlyk töleg edilenden soň mümkindir. Töleg her bir ulanyjy tarapyndan aýratynlykda amala aşyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir