Hyundai Motor Group we Kia kompaniýalary bilelikde täze ýangyn söndüriji roboty işläp düzdüler hem-de 2026-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda ony Günorta Koreýanyň Milli ýangyn söndüriş gullugyna mugt berdiler. Bu döwrebap enjam ulanmaga berleninden bary-ýogy birnäçe hepde geçensoň, Demirgazyk Çhunçhon welaýatyndaky zawodlaryň birinde dörän hakyky ýangyny söndürmekde ilkinji gezek synagdan geçirildi. Bu robot adamlaryň durmuşy üçin howply bolan şertlerde işlemek üçin ýörite niýetlenendir. Ol konstruksiýalaryň ýykylma howpy, güýçli partlamalar, goýy tüsse ýa-da zäherli gazlaryň bar bolan ýerlerinde ulanylýar. Robot binanyň içine adamlardan öň girip, ýagdaýa baha berýär, halas edijilere wideoşekilleri ugradýar we alawy uzak aralykdan söndürip bilýär. Robot harby maksat bilen döredilen HR-SHERPA platformasynyň esasynda ýasaldy. Ol käbir özboluşly aýratynlyklary eýe: Alty tekerli gurluşy we her tekerindäki elektrik motorlary arkaly robot duran ýerinde 360 gradus öwrülip bilýär. Bu bolsa oňa dar geçitlerde we ýerasty duralgalarda bökdençsiz hereket etmäge mümkinçilik berer. Ulag 50 km/sag tizlige ýetip bilýär, 60% diklikdäki ýollary we 30 santimetr belentlikdäki päsgelçilikleri arkaýyn aşýar. Robotyň korpusy suw sowadyjy ulgam we ýörite ýylylyk izolýasiýasy bilen enjamlaşdyrylan. Şonuň netijesinde ol 800°C çenli gyzgynlyga döz gelýär. Infragyzyl datçikli kameralar hatda iň goýy tüssäniň içini hem anyk görmäge kömek edýär. Häzirki wagtda enjam uzakdan dolandyrylýar, emma inženerler ýangyn baradaky maglumatlary ýygnamagy dowam edýärler. Geljekde bu maglumatlaryň esasynda robotyň doly özbaşdak işleýän görnüşini döretmek meýilleşdirilýär.