2026-njy ýylda Astanada meýilleşdirilen «Geljegiň oýunlary» 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçiriler. Bu barada fijital-sport ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär. Oýunlaryň maksatnamasyna sekiz sany ugur girer: fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-şuter, fijital-tanslar, fijital-söweş sungaty, şeýle hem MOBA žanryndaky mobil we kompýuter oýunlary hem-de fijital elementli «batl-roýal» žanryndaky oýunlar. «Geljegiň oýunlarynyň» baýrak gaznasy 4,75 million dollara deň bolar. Ýaryşlara 900-den gowrak türgen gatnaşar. Olar «Barys Arenada» we ýene-de dört sany meýdançada özara bäsleşer. «Geljegiň oýunlary» klassyky sporty kibersport ýa-da VR/AR-tehnologiýalary bilen birleşdirýän fijital (physical+digital) konsepsiýasyndaky gibrid ugurlar boýunça innowasion halkara ýaryşlarydyr. Birinji «Geljegiň oýunlary» 21-nji fewral — 3-nji mart aralygynda Kazanda we Soçide 107 ýurtdan 2 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilipdi. Şol wagt Oýunlaryň umumy baýrak gaznasy 10 million dollar boldy. Ikinji «Geljegiň oýunlary» bolsa 18-23-nji dekabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirildi.