Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamy gurnalan ähli enjamlara doly ekranly «Xbox tertibini» goşmagy meýilleşdirýär. Bu täze aýratynlyk 2026-njy ýylyň aprelinden başlap şahsy kompýuterlerde, noutbuklarda we planşetlerde elýeterli bolar. Kompaniýa Xbox we Windows platformalaryny birleşdirmäge çalyşýar. Microsoft-yň «Project Helix» kod ady bilen işlenip düzülýän täze oýun konsoly PK (şahsy kompýuter) üçin niýetlenen oýunlary hem işledip biler. Bu enjamyň 2027-nji ýylda alfa-wersiýa tapgyryna geçmegine garaşylýar. Doly ekranly «Xbox Full Screen Experience» tertibi ilkinji gezek 2025-nji ýylyň noýabrynda Windows 11-iň synag wersiýalarynda peýda bolupdy. Şol wagt ondan diňe «Windows Insider» we «Xbox Insider» programmalarynyň gatnaşyjylary peýdalanyp bilýärdiler. Soňrak Microsoft bu tertibi Asus kompaniýasy bilen bilelikde döredilen Xbox Ally we Xbox Ally X portatiw konsollarynda işe girizdi. Ulanyjylaryň pikirlerine görä, başlangyç wersiýa käbir kämilleşdiriş işlerine mätäç. Kompaniýa programma üpjünçiligini kämilleşdirmegi dowam etdirýär. GDC 2026 maslahatynda Microsoft «Advanced Shared Delivery» ulgamyny Xbox dükanyndaky ähli işläp düzüjiler üçin açandygyny yglan etdi. Bu ulgam öňünden jemlenen şeýderleri ulanyjylaryň enjamlaryna ibermek arkaly oýunlaryň ýüklenişini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Microsoft Xbox-yň klassiki oýunlarynyň PK-da peýda bolup biljekdigine yşarat etdi. Kompaniýa: «Şu ýylyň ahyrynda biziň 25 ýyllygymyzyň bellenilmeginiň çäginde, geçmişimiziň iň meşhur oýunlaryny oýnamagyň täze usullaryny hödürläris» diýip mälim etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir